logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ýaş hünärmenler zähmet ýoluna başlaýarlar
  10.08.2022
845
Ýaş hünärmenler zähmet ýoluna başlaýarlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň bir topary Kaka etrabynyň bilim bölüminiň garamagyna işe iberilip, etrapdaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynda zähmet ýoluna başlamak mümkinçiligine eýe boldular. Ýaş hünärmenler gyzgyn garşylanyp, degişli mekdeplere we çagalar baglaryna işe ugradyldy.

Täze işe gelen ýaş hünärmenleriň 32-siniň 16-sy ýokary, şonçasy hem ýörite orta bilimlidir. Olar täze iş ýerleri bilen tanyşdyryldy hem-de «halypa-şägirtlik» ýörelgesine eýerilip, tejribeli bilim işgärlerine berkidildi. Ýaş hünärmenler täze, 2022 — 2023-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinden ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe berip başlar hem-de döwrümize mynasyp, giň dünýägaraýyşly bilimli nesliň kemala gelmegi ugrundaky tagallalara goşant goşar.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.