logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýaş küştçüler belli boldy
  17.04.2023
776
Ýaş küştçüler belli boldy

Ýakynda etrabyň 23-nji orta mekdebinde «Sagdynlyk we ruhubelentlik» ady bilen küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryşa etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy oglan-gyzlar gatnaşdylar.

Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen ýaryşda küştçüler toparlaýyn we ýekelikde  bäsleşdiler. Tomaşaçylaryň hem uly gyzyklanma bilen synlan ýaryşy çekeleşikli geçdi.

Toparlaýyn görnüşde geçen bäsleşigiň ahyrynda oňat taýynlykly gelen 1-nji orta mekdebiň küştçüleri üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 40-njy mekdep, 3-nji orny bolsa 23-nji mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar.

Ýaryşda ýeňiji bolanlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

 

Arslan ORAZLIÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň işgäri.