Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýaş nesil barada alada
  14.11.2022
1184
Ýaş nesil barada alada

Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ylym-bilimiň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrundaky amal edilýän giň möçberli işler, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda jemgyýetimizi hereketlendiriji güýjüň esasy özeni hasaplanýar. Şeýle kämil maksatlar bolsa özüniň aýdyň beýanyny tapyp, halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Binýady berkden gurlan, bagt daragtynyň barha pajarlaýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň ýagty ertiri hasaplanýan ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almaklary, hünär we ylym öwrenmekleri, sagdyn ruhda terbiýelenmekleri, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepaly watansöýüjiler bolup ýetişmekleri üçin wajyp işleri durmuşa geçirýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda sanly bitewi bilim gurşawyny döretmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmagy, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw, döredijilik işini ele almagy üpjün edip, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy bolsa aýdanlarymyzyň doly kepilidir.

Häzirki wagtda bu ugurda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda hem daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň maksatlaryna gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar. Talyplaryň  okuw maksatnamasyna laýyklykda, daşary ýurt dillerinde ylmy we umumy temalarda çykyş etmek, ylmy edebiýatlary okamak, ylmy makalalary ýazmak, hünär boýunça zerur seljermeleri we netijenamalary taýýarlamak ýaly başarnyklaryň kämilleşmegi gazanylýar.

Bu günki günde gazanylýan şeýle netijeler bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesiller üçin durmuşa ornaşdyrýan beýik işleriniň ajaýyp miwesidir. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Ogulmaýsa ALLANAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.