Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýaş nesiller döwletiň üns merkezinde
  14.10.2022
471
Ýaş nesiller döwletiň üns merkezinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş dünýä ýaň salýan beýik işleriň kemal tapýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda möhüm wakalaryň, beýik başlangyçlaryň durmuşymyza nur çaýmagy bagtyýar döwrümize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda mähriban halkymyz rowana ýollarda ynamly gadamlar bilen öňe barýar, ata Watanymyzyň halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýy barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty günsaýyn berkäp, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda oňyn netijeler gazanylýar. Ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň ösüşini üpjün edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek babatdaky işlere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaş nesilleriň döwletiň esasy üns merkezindedigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem, ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň ornuny has-da çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlarda ata Watanymyza wepalylygy, ony gözüň göreji deýin goramagy terbiýelemek babatda zerur başlangyçlaryň durmuşa geçirmelidigi dogrusynda yzygider nygtaýar. Sebäbi kämil ylymly-bilimli, dörediji ýaşlar döwletimiziň kuwwatly daýanjydyr.

Watanymyzyň ösüşi üçin amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri, ýurdumyzyň özgerişleri ýaş nesilleriň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Bagtyýar döwrümiziň ýaşlary geljekde ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini ösdürjek nesillerdir. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, röwşen geljege ynamy, halal zähmete yhlasy, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygy täze döwrüň mysalynda öz ornuny tapýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri ugrunda ähli mümkinçilikler döredilen. Bu babatda ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp gidýär. Bularyň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir gününi şanly wakalara, döredijilikli zähmet üstünliklerine beslemäge ruhlandyrýar. 

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň nurana günlerinde ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi ugrunda beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik tutumlary üstünliklere beslensin!

 

Babajan ABDULLAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.