logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi – bagtyýarlygyň kepili
  15.06.2023
800
Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi – bagtyýarlygyň kepili

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhda kemala gelmegi hem-de zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly tagallalarynyň esasy maksadydyr. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm maksatlarynyň biridir. Çünki ýaş nesiller biziň ojaklarymyzyň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalarymyzyň döwrebap şertlerde okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, ata Watana, il-halka wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiz tarapyndan köp çagaly maşgalalara goldaw bermek olaryň hemmetaraplaýyn aladalar bilen gurşalandygynyň aýdyň mysalydyr. Çagalaryň hukuklarynyň, bähbitleriniň kanun taýdan goralmagy babatda degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi olara abadan durmuşy, doly derejeli ösüşi şertlendirýär. Bular bilen birlikde, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketleri ýyl-ýyldan giňelýär, belent ruhy gymmatlyklaryň berkarar bolmagyna gönükdirilen giň gerimli terbiýeçilik işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn, howpsuz, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmagy üçin şertleri özünde jemleýän durmuş gurşawy kemala getirilýär. Ähli häzirki zaman okuw-terbiýeçilik maksatnamalary, bilim özgertmeleri, uly möçberdäki döwlet maýa goýumlary bilim bermäge, saglygy goraýşa, sportuň hem-de ugurdaş düzümleriň ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çäreler asylly, giň gerimli işleriniň mynasyp dowamy bolup durýar. Biziň eziz ýurdumyz bagtyýar çagalygyň, arzuw-hyýallaryň hasyl bolýan ýurdy. Çagalaryň dynç almagy hem-de wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn kämil bilimli, ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertleriň döredilmegi ata Watanymyza söýgini has-da artdyrýar. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.