Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýaş suratkeşleriň döredijilik bäsleşigi
  10.11.2023
389
Ýaş suratkeşleriň döredijilik bäsleşigi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda örän uly aladalar edilýär. Hususanda mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryna düşünjelerini artdyrmak maksady bilen 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdeplerinde we Çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk, galam bilen surat çekmek hem-de heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça «Ýurt abadan – il bagtyýar» şygary bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi.

 

 

Çuň many-mazmuny özünde jemleýän bu bäsleşik Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň, 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň, 6-njy we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň hem-de beýleki welaýatlaryň çagalar çeperçilik mekdeplerinde okaýan ýaş suratkeşleriň aňynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

 

 

Bäsleşigiň şertine laýyklykda döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň arasynda ýeňijileri saýlamak maksady bilen emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň jemi jemlendi.

 

 

Reňk bilen surat çekmek ugry boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ogulşat Hanowa, Aşgabat şäheriniň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Bagtynyýaz Ýollyýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Madina Kalandarowa dagylar birinji orna mynasyp boldular. Olaryň eserlerinde ýurdumyzda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler dogrusynda beýan edilýän pursatlar nakgaşlygyň çeperçilik aýratynlyklary esasynda taryp edildi.

 

 

Galam bilen surat çekmek ugry boýunça bolsa Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Selbi Seýitkulyýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýgül Begençmyradowa, Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gülnar Baýramgeldiýewa birinji orna mynasyp boldular. Grafikanyň dürli usullaryny peýdalanan okuwçylar ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryna degişli düşünjelerini beýan edýän taslamalary döretdiler.

 

 

Heýkeltaraşlyk ugry boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Akmuhammet Annaýew, Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Orazgeldi Ataýew,  Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýunus Çaryýew birinji orna mynasyp boldular. Heýkel eserleriň mazmuny  ýangyn howpsuzlyk gullugynda işleýän wekilleriniň gahrymançylygyny, merdanalygyny, gaýduwsyzlygyny bagyşlanypdyr.

 

 

Döredijilik eserleriniň bäsleşiginde tapawutly orunlara mynasyp bolan ýaş suratkeşler Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň baýraklary bilen sylaglandylar.

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle mynasyp bilim, terbiýe bermek, sagdyn, ýokary ahlakly, watansöýüji belent şahsyýet bolup ýetişmekleri döwletimizde alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

 

 

Ogulsona ÖWEZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyby.