logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /“Ýaş türkmen zenanlary-Berkarar döwletiň mertebe tugy” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi
  30.01.2024
671
“Ýaş türkmen zenanlary-Berkarar döwletiň mertebe tugy” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde “Ýaş türkmen zenanlary-Berkarar döwletiň mertebe tugy” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyny wagyz etmek, onuň many-mazmunyny her bir maşgala we maşgala agzalaryna ýetirmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilelikde gurady. Oňa dürli kärdäki we hünärdäki zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy.

 

 

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjy zenanlar gezekli gezegine degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň amaly-haşam sungatlaryny kämil derejede ösdürmekde, gadymy keşdeçilik mirasymyzyň ýitennusgalaryny dikeltmekde, iň ajaýyp görnüşlerini ýüze çykarmakda, ýaýratmakda we nesilden-nesile geçmekde hem-de ony giňden wagyz etmekde maşgalanyň, zenanlaryň ornyny beýan etdiler.

 

 

Ýakymly täsirlere beslenen bäsleşigiň netijesinde öz ukyp-başarnygy bilen tapawutlanan zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Akmuhammet Magtymgulyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap
birleşmesiniň esasy hünä
rmeni.