logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ýaş zehinliler ýüze çykaryldy
  02.03.2020
1380
Ýaş zehinliler ýüze çykaryldy

    Ýurdumyzda geljekki ýaş-nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik hem-de tutumly işler durmuşa geçirilýär.  Ýaşlar-geljekki nesiller ýurdumyzyň bu aladalaryna özleriniň mynasyp işleri, okuwlary bilen jogap berýärler. “Altyn asyryň altyn zehinlileri” atly bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlaryna diýseň uly höwes bilen gatnaşyp, özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar.

        Şu ýyl “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň fewral aýynyň 14-15-i aralygynda bu bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Oňa Tejen şäheriniň mekdepleriniň 9-njy synp okuwçylarynyň 48-si gatnaşyp, olaryň arasynda 24-si hormatly baýrakly orunlara mynasyp boldular. Dersleriň 10 görnüşi boýunça geçirilen bu bäsleşikde, aýratyn zehinliler ýüze çykaryldy. Şonda şäheriň 12-nji, 3-nji we 5-nji orta mekdepleriň zehinli çagalary özleriniň has hem tapawutlylygyny görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň hormat hatlary bilen sylaglandylar.