logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýaşaýyş üçin oňaýly 2 sany planeta tapyldy
  09.09.2022
1111
Ýaşaýyş üçin oňaýly 2 sany planeta tapyldy

Ýerden takmynan 100 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýaşaýyş üçin oňaýly şertler bolup biljek 2 sany planeta tapyldy.

 

 

Başga planetalardaky ýaşaýyş alamatlaryny gözleýän NASA, golaýda ýaşaýyş üçin ýaramly iki sany planetanyň üstüni açdy. Ýerden takmynan 100 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän bu planetalar “Speculoos-2” atly ýyldyzyň töwereginde ýerleşýär.

 

 

Gözlegçiler ýüze çykarylan planetalaryň biriniň ozal NASA-nyň Transiting Exoplanet Survey hemrasy tarapyndan ýüze çykarylandygyny mälim etdiler. Şeýle-de bolsa, bu planetany doly we dogry ýagdaýda öwrenmek üçin käbir derňewleri geçirmeli boldy. Planetalar “LP 890-9b”we “LP 890-9c” diýlip atlandyrylýar. Olar Ýerden 30 göterim uly bolup, ýaşaýyş üçin käbir oňaýly şertleri özünde saklaýar.