logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ýaşaýyşyň gözbaşy
  10.09.2020
1041
Ýaşaýyşyň gözbaşy

              Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamynda öz nesillerinde tebigy suw gorlaryna eýeçilik gözi bilen garamak endiklerini kemala getirmäge çalşyp, bu ugurdan möhüm işleri ýola goýupdyrlar. Şeýlelikde, ýurdymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, çeşme-çaýlar, noburdyr ýap-salmalar, kärizdir kaklar ygtybarly goralypdyr.

               Suwy tygşytly ulanmak we onuň peýdasy hakynda gymmatly edebi nusgalar döredilipdir. Olar ýaş nesliň kalbynda her damjasy altyna deňelen suwuň gymmatyna düşünmäge ýardam edipdir. Şeýle eserleriň biri orta asyrlara degişli bolan «Ajaýyplyklaryň düri» atly kitapdyr. Pähim-paýhaslary, pentleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri özünde jemleýän bu eserde suwuň ähmiýeti dürli rowaýatlaryň üsti bilen beýan edilýär.

              Häzirki döwürde tebigy gorlara aýawly çemeleşmek, ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwdan tygşytly peýdalanmak meselesine uly üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokarlanmagy üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar.