Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýaşlar — ata Watanyň geljegi
  18.11.2022
637
Ýaşlar — ata Watanyň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bitirilýän beýik işler türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşine oňyn täsirini ýetirdi.

Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Birek-biregiň arasynda özara paýhasly gatnaşygy berkitmek, ýaşlary jemgyýete peýdaly işe ugrukdyrmak, olarda asylly sypatlary terbiýelemek we ösdürmek halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň egsilmez ykdysady kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky taýsyz aladadan nyşandyr. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak meselesi hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar.

Ýurdumyzda çuňňur ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarýan, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bimöçber aladalar edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly strategik maksatlaryň kesgitlenilmegi, şu ugurdaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi ýaşlaryň bagtyýar geljegini hem-de döwletimiziň berkararlygyny kepillendirýär.

Goý, ýaşlarymyza okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlary hemişe üstünliklere beslensin! 

 

Nazakat MAHMUDOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Köýtendag etrap birleşmesiniň 
baş buhgalteri.