logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ýaşlar bilen öňe barýan Diýarym!
  24.04.2023
935
Ýaşlar bilen öňe barýan Diýarym!

Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ýagty ertiri baradaky möhüm aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň barha okgunly ösmegine, halkara giňişlikdäki at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okaýarlar hem öwrenýärler. Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli möhüm wezipeler öňde goýulýar. Geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimiz bahasyna ýetip bolmajak akyl-paýhas baýlygyny miras galdyrdylar, olaryň eserleri ähli nesilleriň bilim terbiýesi üçin gymmatly çeşmedir. Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri bagtly durmuş ýoluna gadam basýan ýaş nesillerimiz üçin nusgawy mekdepdir, ýörelgeli ýoldur. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, ene-ata we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek döwletimizde alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Milli Liderimiz hem Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ykdysady hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşlara uly ynam bildirmek bilen, merdana halkymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende götermegiň, başymyzyň täjine deňelýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmagyň ýaşlar üçin esasy borçdugyny yzygider nygtaýar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli babatda nusgalyk ýörelgesi ýurdumyzyň ýaşlarynyň ählisi üçin beýik durmuş mekdebidir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli hem yhlasly zähmet çekýän ýaşlar Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işleri mynasyp dowam etdirýärler. Çünki şu günki nesiller geljekki ýurdy dolandyrmaly adamlardyr. Ýaş ra­ýat­la­ry­nyň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny ga­zan­mak işi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän zamanasynda bagtdan paýly bagtyýar ýaş­la­ryň ylym-bi­lim dün­ýä­si­ne çuň­ňur ara­laş­mak­la­ry, okamagy, öwrenmegi we ähli ugurlar babatda ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çy­ka­rmaklary üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýän Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bolsun! 

 

Röwşen BABAGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.