Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň energetika ulgamy: durnukly ösüşiň binýady ✦ ✦ Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi ✦ ✦ Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň energetika strategiýasy: milli bähbitlerden halkara hyzmatdaşlyga ✦ ✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýaşlar diýarymyzyň şany-şöhraty
  05.01.2023
882
Ýaşlar diýarymyzyň şany-şöhraty

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyly belli bir şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu çözgüt diňe şol ýyly şöhratlandyrjak işler bilen däl, eýsem, ondan soňky ýyllaryň wezipelerini hem kesgitlemäge oňyn mümkinçilik berýär. Özi-de ýyllaryň şygarlarynyň we olaryň nyşanlarynyň raýatlardan gelip gowuşýan teklipler boýunça kesgitlenilýändigini aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň şygarynda hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýar.

Ýer ýüzüniň barha globallaşýan, innowasion tehnologiýalaryň batly depginler bilen ösýän zamanasynda ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni durmuşynda eýeleýän orny hem barha pugtalanýar. Döredilýän şeýle giň gerimli mümkinçilikleriň netijesinde ylymly, bilimli, öz kärine ussat ýaş hünärmenler ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek işlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ata Watanymyzda bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň aýdyň şöhlelenmesi boldy.  

 

Ylýas ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.