logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol!
  14.08.2025
1881
Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol!

2025-nji ýylyň 4–5-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda “Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat” (LLDC3) çäklerinde “Ýaşlar forumy” geçirildi. Bu halkara çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaşlaryň sesini ýetirmek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen guraldy.

Ýaşlar forumyna birnäçe yklymlardan gelen ýaş liderler, döwlet wekilleri, halkara guramalaryň işgärleri we Birleşen Milletler Guramasynyň işgärleri gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlar guramalaryndan, kärdeşler arkalaşyklaryndan, ylmy we döredijilik birleşiklerinden wekiller gatnaşdy.

“Building Bridges for LLDC Futures” (“Deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljegi üçin köprüler gurmak”) mowzugynda geçirilen forumyň esasy maksady ýaşlaryň durnukly ösüşde, halkara hyzmatdaşlykda we innowasiýalarda öňdebaryjy roluny nygtamak boldy. Ýaşlaryň diňe geljegimiziň eýeleri däl-de, häzirki ösüşiň hem esasy güýçlerinden biri bolýandygy nygtaldy.

Tematik oturlyşyklar:
Forumyň işinde birnäçe möhüm ugurlar boýunça oturlyşyklar geçirildi:

  • Bilim we hünär başarnyklaryny ösdürmek,
  • Iş üpjünçiligi we telekeçiligi ösdürmek,
  • Ekologiýa meseleleri we howa üýtgemelerine garşy çäreler,
  • Sanly mümkinçilikler we innowasiýalar.

Bu oturlyşyklarda gatnaşyjylar tejribe alyşdylar, täze taslamalar barada pikir alyşdylar hem-de öz ýurtlarynda durmuşa geçirip boljak çözgütleri hödürlediler.

Forumyň jeminde “Building Bridges for LLDC Futures” atly Ýaşlaryň Deklarasiýasy kabul edildi. Ol ýaşlaryň möhüm tekliplerini, öňe sürýän çözgütlerini we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky garaýyşlaryny öz içine aldy. Bu resminama LLDC3 maslahatynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklarda ýetirildi.

Foruma Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe ýurtlardaky Hemişelik utgaşdyryjylary gatnaşyp, ýaşlaryň sesiniň halkara derejesinde eşidilmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdiler. Şeýle hem BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri hökmünde saýlanan ýaşlar öz tejribelerini paýlaşdylar.

“Ýaşlar forumy” ýaşlaryň ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerindäki ornuny has-da berkitdi. Ol täze başlangyçlaryň ýüze çykmagyna, ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine we täze dostluk köprüleriniň gurulmagyna uly goşant goşdy.


Musa ÝAZYMOW,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.