logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýaşlar Sarahs babany ýatlaýar
  12.12.2023
738
Ýaşlar Sarahs babany ýatlaýar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” okuw merkezinde türkmen halkynyň beýik şahsyýeti bolan il içinde Sarah baba ady bilen tanalýan Abul Fazl as Sarahsynyň müň ýyllygyna bagyşlanyp duşuşyk çäresi geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň guramagynda geçirildi.

 

 

Duşuşyga bölüminiň işjeň agzalary, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Olar yslam taryhynda möhüm orny eýeleýän Abul Fazl Sarahsynyň ömür ýoly we onuň döredijiligi, şägirtleri barada birnäçe taryhy hekaýatlardyr rowaýatlar dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Diňleýjiler ahlaklylyk, medeniýet, watançylyk temalardan mysallar getirip pikir alyşdylar.

 

 

 "Ýaşlar Sarahs babany ýatlaýar" diýilip atlandyrylan bu çäräniň geçirilmegi ýaş nesilleri ata Watana wepaly, öz däp-dessurlaryna hormat goýýan we öz geçmiş taryhyny bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde ähmiýeti uludyr. Taryhda uly meşhurlyk gazanan taryhy şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny öwrenmek bu ugurda örän möhüm wezipe bolup durýar.

 

Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.