logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Society /Ýaşlar syýasaty dabaralanýar
  28.06.2022
1122
Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bagtyýar ýaşlar rowaçlanýan döwrümiziň ösüşleriniň batly depginine kybapdaş gadam urýarlar. Döwletimizde Ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri bu gün üstünlikli çözülýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň möhüm guralyny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary “ýaşlar kärhanasy” diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak we beýleki ajaýyp başlangyçlary bagtyýar ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyryp, kalplary joşguna besleýär.
Häzirki wagtda döwletimiziň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilen. Bäsdeşlige ukyply sanly tehnologiýalar önümçilige yzygider ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Çünki innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar. “Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenilişi ýaly, taryhy şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebine eýerip, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, kitaby ýürekden söýmegi terbiýelemek Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirýän maksatnamalarynyň düýp özenini düzýär. Islendik ýurduň daýanç güýji hem ýaşlaryň ykbalyna baglydyr. Çünki ýaşlar gejekki ýurt eýeleri bolmak bilen jemgyýetiň işjeň gatlagyny emele getirýär. Eziz Arkadagymyzyň biz bagtyýar ýaşlara “Geljek siziň bilendir!” diýip ýüzlenmesi biziň Watan öňündäki perzentlik borjumyzy has-da artdyryp, ylym gorumyzy kämilleşdirip, ruhubelent okamagymyza hem öwrenmegimize itergi berýär.
Biz ýaşlar il-günümize gerekli, ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz babatda nusgalyk görelde bolan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Tumar MOLLAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.