logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /ÝAŞLAR SYÝASATY DABARALANÝAR
  25.10.2022
1287
ÝAŞLAR SYÝASATY DABARALANÝAR

Ýurdumyzyň bedew batly depginini mundan beýläk hem dowam etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň bolup ýetişmekleri möhümdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan  ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biridir. Bu kadalaşdyryjy hukuk nama Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, tärlerini kesgitleýär. Kanun ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny, ýaşlaryň döwlet syýasatyny we jemgyýetiň ösüş maksatnamalaryny döretmäge we amala aşyrmaga gatnaşmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, kämil nesli ýetişdirmek ugrunda taýsyz tagallalary we mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize  hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň  janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan ägirt uly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Angelina ÇERNYŞOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň žurnalistika
hünäriniň talyby.