logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler
  26.09.2025
2470
Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly täze startap bäsleşigi geçiriler. Çäräniň geçirilmegi Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

 

Bäsleşik ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna – okuwçylara, talyplara, ýaş mugallymlara, telekeçilere we oba hojalyk pudagynyň wekillerine açykdyr. Şeýle hem innowasion pikirleriň aýratyn awtorlary hem taslamalary bilen gatnaşyp bilerler.

 

Bu başlangyç ýaşlara döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda täze taslamalary durmuşa geçirmäge we azyk howpsuzlygyna goşant goşmaga gönükdirilýär.

 

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabryna çenli öz işewürlik taslamalaryny tabşyryp bilerler. Soňra öňünden saýlama geçirilip, saýlanan ýaşlara ýörite okuw maksatnamasy guralar. Onda taslama dolandyryşy, çykyş taýýarlamak hem-de maýadarlary çekmek boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.

 

Jemleýji tapgyr 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda bolar. Bu ýerde ýaşlar öz pikirlerini eminler, maýadarlar hem-de giň diňleýji toparynyň öňünde gorarlar.

 

Ýeňijiler baýrakly orunlar boýunça kesgitleniler. Olar hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar. Şeýle hem tapawutlanan taslamalara ýörite höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

 

Bäsleşikde üstünlik gazanan taslamalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan maýadarlar bilen hyzmatdaşlykda ýardam berler.

 

Bu giň möçberli çäre ýaşlaryň innowasion pikirlerini durmuşa geçirmekde uly mümkinçilikleri açar. Täzeçilligi, ykdysady taýdan peýdalydygy, jemgyýetçilik ähmiýeti we taýýarlyk derejesi boýunça saýlanyp alynjak taslamalar diňe bir ýaşlaryň döredijiligini däl, eýsem ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem goşant goşar.