logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ýaşlar üçin uly mümkinçilikleriň döwri
  22.02.2023
1047
Ýaşlar üçin uly mümkinçilikleriň döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» eziz döwletimiz Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýan ýylydyr. Bu syýasat döwlet syýasatynyň özboluşly ugry hökmünde ýaş nesilleriň mümkinçiliklerini giňden açmaga, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine şert döredýär. Ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň ylym hem döredijilik ukyplaryny doly açmagy üçin zerur şertleri ýola goýmak maksatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm başlangyçlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Türkmenistanda ýaşlar syýasaty ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagyna täsir edýär. Ýaşlaryň giň düşünjeli, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek alnyp barylýan işleriň esasy özenini düzýär. Türkmen ýaşlarynyň öňünde durýan wezipeleriň çözgütlerini kesgitlemek, häzirki zaman şertlerinde has netijeli usullary durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler öňe sürülýär. Şular bilen birlikde, ýaş nesilleriň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watançylygy, zähmetsöýerligi terbiýelemek, telekeçilik babatda ýaşlaryň başlangyçlaryny höweslendirmek ýaly wezipeleri kesgitleýär. Sanly ulgam bilen doly üpjün edilen bilim edaralarynda ýaş nesliň kämil bilim almagyny, okamagyny, döredijilikli zähmet çekmegini hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňüne tutýan mümkinçilikleri ýola goýmak ýaş nesiller babatda halk bähbitli işleriň özenini düzýän aýratynlykdyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlar telekeçiligini ösdürmegiň usullaryny işläp taýýarlamagyň hem-de telekeçiler tarapyndan döredilen, işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolan we «ýaşlar kärhanasy» diýlip atlandyrylýan kärhanalara döwlet goldawyny bermek boýunça ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagynyň hem özboluşly ähmiýeti bardyr. Bu çözgüt döwrebap ýörelgelere we dünýä tejribesiniň ösüşine düşünýän, täzeçil garaýyşly ýaş nesilleriň kemala gelmegine ýardam edýär. 

 

Nariman EMIRKULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.