logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýaşlar — Watanyň buýsanjy
  19.06.2023
1015
Ýaşlar — Watanyň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip atlandyrylan  «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar»  ýylynda jemgyýetimizde  bolup geçýän ösüşler, şanly wakalar, dabaralar taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan  baş çykarýan  ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertler döredilýär. Täzeden-täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýän okuw binalary gurlup ulanmaga berilýär.  Ýaşlara dünýäniň halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerinde  bilim almaga mümkinçilikler döredilýär. Şeýle eşretli zamanamyzda öz hünäriň ussady bolup işlemek, ýaşamak hem bagt.

Döwletimiz tarapyndan gurşalýan aladalara zähmet üstünlikleri  bilen jogap bermek biziň geljegimiz bolan ýaşlaryň mukaddes borjudyr.  

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň başlygy.