logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ýaşlar — Watanyň daýanjy
  18.01.2024
2133
Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümize sowgat beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby ýaşlaryň durmuş ýollarynda nusgalyk mekdebe öwrüldi. Bu kitapda beýan edilýän dürli hünär ugurlaryna degişli dürdäne pikirler ynsana dogry ýaşamaklygyň çelgisi bolup hyzmat edýär.

 

 

Täze kitap bilen içgin tanyşanyňda, döwrümiziň badyna, pederlerimiziň belent adyna mynasyp nesliň kemala gelýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Ýaşlaryň halk hojalygynda, döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda gazanýan üstünliklerine ser salanyňda bolsa, döwletimiz tarapyndan olara bildirilýän belent ynamyň oňyn netijelerine şaýatlyk edýärsiň. Ösüp gelýän ýaş raýatlarymyzyň şeýle guwandyryjy üstünlikleri hakynda bu ajaýyp kitabyň ýazylmagy we giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň ýene-de bir mertebe ykrarnamasy bolup ýaňlanýar.   

 

 

Täze kitapda ylym-bilim, sport bilen bagly öňe sürlen garaýyşlar ynsanyň kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin milli terbiýäniň, saglygyň we sagdynlygyň zerurdygy, aň kämilligi hakda giňişleýin beýan edilýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp kitabynyň höwri köp, döwet galamy elmydama ýiti bolsun!

 

 

Polat AZIMBAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.