logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
  20.02.2025
2752
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanly ýaş nesil üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu waka Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim bolup durýar. Şeýle hem, bu ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon diline terjime edilendigi mälim edildi. Bu eser 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.


Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.


Çykyş edenler Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny belläp, bilim, ylym we medeniýet ugurlarynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiri Ýaponiýadaky okyjylara Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berer.