logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Ýaşlara ylym-bilim ýaraşýar
  19.05.2023
941
Ýaşlara ylym-bilim ýaraşýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi babatynda uly aladalar edilýär, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini we tebigy, takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri hem ylymdyr. Ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak derwaýys wezipe bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, ösüşlerden ösüşlere barýan döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesliň ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryndan hem kämil baş çykarmaklary ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylmyň, bilimiň ýokary depginde ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak, hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we okat­ma­gyň in­no­wa­sion usul­la­ry­ny işe or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, äh­li bi­lim eda­ra­la­ry­na san­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Şeý­le-de, ders­ler bo­ýun­ça döw­re­bap elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­la­ry, in­te­rak­tiw-mul­ti­me­dia prog­ram­ma­la­ry­ny, okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry­ny, mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry­ny we beý­le­ki­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk et­mek­le­ri­ne ýar­dam berýär.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri ös­dü­ril­ýär, bu ugur­dan kä­mil ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si şu gü­nü­mi­ziň ösüş­li­di­gi­ni, gel­je­gi­mi­ziň aý­dyň­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ösü­şi üp­jün ed­ýär. Ylym-bi­li­mi ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin! 

 

Täç MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.