logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýaşlaryň arasynda binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçirilýär!
  01.02.2023
1231
Ýaşlaryň arasynda binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçirilýär!

Ýurdumyzyň orta mekdepleriň okuwçy ýaşlarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň talyp ýaşlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda – Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň guramaklarynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň edara binasynda 2023-nji ýylyň 11-nji martynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçirilýär!

Döredijilik sergisi ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige ugrukdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Binagärlik-taslama döredijilik sergisine ýaşlar öz taýýarlan taslamalaryny erkin hödürläp biler.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama döredijilik sergisiniň düzgünnamasyny şu ýerden görüp bilersiňiz!

Bu barada, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.