logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Technology /Ýaşlaryň arasynda Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçiriler
  08.02.2023
1578
Ýaşlaryň arasynda Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçiriler

18-19-njy martda «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda «Robot tehnologiýasy» boýunça bäsleşik geçiriler.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary we 30 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler. 

Geçiriljek «Robot tehnologiýasy» bäsleşigi aşakda görkezilen görnüşlerden ybarat bolar: 

– «Sumo Robot bäsleşigi»;
– «Labirint ýaryşy»;
– «Toparlaýyn proýekt ýaryşy»;
– «Gara çyzygy ak zeminde yzarlaýan robot bäsleşigi». 


Düzgünnamany şu ýerden görüp bilersiňiz!