logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Ýaşlaryň arasynda täsirli bäsleşik geçirildi
  11.07.2019
1070
Ýaşlaryň arasynda täsirli bäsleşik geçirildi

     Ýakynda Ahal welýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Aýdym bolup ýaşa-saz bolup ýaşa” ady bilen höwesjeň aýdymçy-sazandalaryň arasynda bäsleşik geçirildi.Turuwbaşdan  şowhun-şagalaňa beslenen bäsleşigiň barşynda oňa gatnaşyjylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip bäsleşdiler.Türkmen halkynyň baý milli mirasyny, aýdym saz sungatyny giňden açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolup durýan bu bäsleşik,  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halypa şägirtlik ýoluna uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimizi ösdürmek, halkymyzyň baý we taryhy medeni mirasyny içgin öwrenmek we wagyz etmek, medeniýeti we sungaty mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyny, milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalarymyzy, kerwensaraýlarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmäge uly ähmiýet berilýär.

      Bu gezekki geçirilen bäsleşik hem Türkmen halkynyň aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň özboluşlulygyny alamatlandyrýan özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ajaýyp sungatyny açyp görkezmekde diýseň uly ähmiýete eýe boldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyp has tapawutlanan höwesjeň aýdym-sazandalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.