Berkarar döwletiň täze eýýamynda ýurdumyzda ýaşlaryň bilimine, döredijiligine we innowasion pikirlenişine aýratyn ähmiýet berilýär. Taslama bäsleşikleri, ders olimpiýadalary we ylmy ýaryşlar ýaşlaryň mümkinçiliklerini açyp görkezýän, olaryň geljekki ýoluny kesgitleýän möhüm mekdebe öwrüldi. 2025-nji ýyl hut şu ugurda üstünliklere baý bolup, ýaşlaryň gazanan ýeňişleri diňe bir şahsy üstünlik däl, eýsem döwletimiziň ösüş syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň beýany boldy. Bu üstünlikler 2026-njy ýylda has-da ýokary sepgitlere ýetmegiň mümkinçiliginiň bardygyna bolan ynamy berkidýär.
Ýurdumyzda geçirilýän döwlet derejesindäki bäsleşikler ýaşlaryň diňe bilim derejesini däl, eýsem analitiki pikirlenişini, döredijilikli çemeleşmesini we jemgyýetçilik jogapkärçiligini hem açyp görkezýär. Hususan-da, ykdysadyýet ugry boýunça 2025-nji ýylda geçirilen döwlet bäsleşigi ýaşlaryň döwrebap ykdysady meseleleri seljermekde, teoretiki bilimleri amaly çözgütler bilen utgaşdyrmakda ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň gazanan üstünlikleri aýratyn buýsanç bilen bellenilýär. Orazmyradow Ysmaýyl bilen Rejepowa Aýnur birinji orna, Abaýew Dayanç bolsa ikinji orna mynasyp bolup, özleriniň zehini, zähmeti we ygrarlylygy bilen tapawutlandylar. Olaryň gazanan bu üstünligi ýaşlaryň diňe bir häzirki döwürde däl, eýsem geljekde hem milli ykdysadyýeti ösdürmäge ukyply güýçdigini subut etdi. Bu ýeňişler ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimleriň döwrebap talaplara laýyk gelýändigini, ýaşlaryň bolsa şol bilimleri döredijilikli ulanmagy başarýandygyny görkezýär.
Taslama bäsleşikleri we olimpiýadalar ýaşlar üçin özüni görkezmegiň, täze ideýalary öňe sürmegiň hem-de geljekki hünär ýoluny kesgitlemegiň ähmiýetli meýdançasydyr. Şeýle çäreler ýaşlaryň özüne bolan ynamyny artdyrýar, olaryň jemgyýetde işjeň orny eýelemegine, döwlet we jemgyýet bähbitli başlangyçlara gatnaşmagyna itergi berýär. Şu ýol bilen ýaş nesil diňe bilim alýan däl, eýsem ösüşi döredýän güýç hökmünde kemala gelýär.
Bu üstünlikleriň esasy binýady döwlet tarapyndan ýaşlara döredilýän giň mümkinçiliklerdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň bilim almagyna, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply bolmagyna we zehinini doly açmagyna gönükdirilen syýasaty ýaşlaryň ruhuny belende göterýär. Ýaşlar ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri hökmünde görülýär, olaryň her bir gazanan üstünligi döwletimiziň ertirki gününe goýlan berk binýat hökmünde baha berilýär.
Kerimmyrat DAŇATAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.