logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýaşlyk keramzit zawodynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  27.04.2023
1106
Ýaşlyk keramzit zawodynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ýaşlyk keramzit zawodynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga zawodyň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi Şamuhammet Annanyýazow çykyş edip, ol öz çykyşynda tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak boýunça kadalarydyr düzgünleri berjaý etmek, howpsuz zähmet şertleri bilen bagly birnäçe gürrüňleri berdi.