logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ýaşlykdaky keramzit zawodynda 1 million 112 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi
  15.02.2023
1092
Ýaşlykdaky keramzit zawodynda 1 million 112 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän keramzit zawody öndürijilikli işleýän kärhanalaryň biri bolmak bilen, onda önümçilik meýilnamalary aýma-aý üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyz üçin zerur bolan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürýän bu kärhanada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýynda hem guwandyryjy görkezijiler gazanyldy. Has takygy, üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda kärhanada keramzidiň 1 million 112 müň manatlykdan gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 126,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Diýarymyzyň çägindäki baý çig mal gorlary gurluşyk senagatynyň bu öňdebaryjy kärhanasynda degişli döwürde keramzidiň önümçiligini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berdi. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekde we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge şert döretdi. Öndürilen önümleriň sarp edijilere bökdençsiz ýetirilmegi gazanyldy. Kärhananyň işçi-hünärmenleriniň şanly ýylyň ilkinji aýynda gazanan ýokary görkezijileri olaryň iş depginleriniň batlydygyny görkezýär.