logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ýaşyl ýapynjaly meýdanlar
  04.12.2020
692
Ýaşyl ýapynjaly meýdanlar

       Tejen etrabynyň gallaçylarynyň eken güýzlik bugdaý meýdanlary, bu gün ýaşyl ýapynjany ýapyndy. Olar maýsalara öwrülip ekerançylyk meýdanlarynyň owadanlygyny goşalandyrýar. Gallaçy kärendeçiler bu gün topraga eden yhlasynyň ýerine düşendigini gördiler. Olar ene-topraga, güýzlik bugdaý hyzmat etmeklige gollaryny çermäp, billerini mäkäm guşap girişdiler.

      Gallaçy kärendeçiler bu gün däne ekinlerine ösüş suwyny tutmak, ilkinji gezek iýmitlendirmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ösüş suwyny tutmakda ekerançylygyň talaplary berk berjaý edilse, ekinleri iýmitlendirmekde dünýä derejesindäki kuwwatly tehnikalar netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem bir we iki ülüşli zyýankeşlere garşy himiki serişdeler ýerlikli ulanylýar.

Tejenli gallaçylaryň täze ýylyň bitginli hasyly üçin ir gözünden ýerine ýetirýän işleri täze ýylyň bitginli hasylynyň güwäçysy bolup durýär. Göwnejaý ideg kadaly ösüşiň hemaýatkäridir. Geljegki bol hasylyň hemaýtçysydyr.