logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /«Ýatladar» - Ogulnur ATAÝEWA
  29.05.2023
1062
«Ýatladar» - Ogulnur ATAÝEWA

Kyn düşende günleň dogup batmasy,
Kän otlanar ýatlamalaň peltesi,
Ene ýabyň paglap akýan gatlasy,
Bile pagta ýyganlygňy ýatladar.

Bu durmuşyň hasabyna sakdygy,
Aýlanaýsaň bir aýagyň çekdigi,
Obamyzyň iki gatly mekdebi,
Bir mahallar bolanlygmy ýatladar.

Jany sagyň ýeke başy çaralar...
Saçyň düşer wagtyndan ir çalarar,
Sen gelmäň soň alaçsyzja çolaran,
Ýollar saňa gelenligňi ýatladar.

Durup geçdik nämeleriň duşunda,
Üçekleriň buz sallansa gaşynda,
Aýazly gün tas ýigrimi ýaşyňda,
Kän garaşyp doňanlygňy ýatladar.

Ömür ýaşlygyňy düýne düýneder,
Ýürek asly boýun egmez synadyr,
Başartmasa giň jahana sygma-da,
Bir ýürege syganlygňy ýatladar.

Geçmiş bolsa, çar tarapdan dörülen,
Bolar bir zat ýetmeýän deý törüňe... 
Ejeň ýygnan han seçegi barybir,
Saňa meniň gelinligmi ýatladar.