logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /«Ýaz Meýdan» daýhan birleşigi döwlet borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdi!
  19.06.2023
1162
«Ýaz Meýdan» daýhan birleşigi döwlet borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdi!

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Ýaz Meýdan» daýhan birleşigi galla tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasyny 24,4%-den geçirip, artygy bilen ýerine ýetirdi. Birleşigiň galla öndürijileri meýilleşdirilen 1,7 müň tonna bugdaýyň ýerine 2,2 müň tonna dänäni kabul ediş nokatlaryna tabşyryp, döwlet borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, birleşigiň çäginde jemi 900 ga ýere ekin ekildi, ondan 750 ga bugdaý tohumlaryny ekmek üçin berildi. Bu ekiniň hasylyny ormak Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda badalga berildi. Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky bugdaý ormak kampaniýasy bir hepde soňra başlandy.