logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /ÝB - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi
  04.09.2025
1109
ÝB - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

Sloweniýada geçirilen Bled strategiki forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti “The Centrality of Central Asia” atly tegelek stola gatnaşdy. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri hem-de ÝB-niň ýörite wekili Eduard Stipraýs gatnaşdy.

 

Duşuşykda Merkezi Aziýanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda strategik köpri hökmünde ähmiýeti, ulag we energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmek, sanly hyzmatdaşlyk we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň wekilleri ulag pudagyndaky iri taslamalar, şol sanda ýol-gurluşyk işleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky maglumatlary paýlaşdylar. Energetika boýunça gaz alyş-çalyşygy, täze innowasiýalar we “ýaşyl” energiýa taslamalary boýunça mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi.

 

Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyşynda Merkezi Aziýanyň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän ygtybarly köpri hökmünde orny we Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada aýtdy.

 

Forumyň gatnaşyjylary Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

 

Nazar Bekmyradow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.