logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ýedi dürli tagam bilen bezemeklik milli dessurymyz
  22.03.2024
765
Ýedi dürli tagam bilen bezemeklik milli dessurymyz

Milli bahar baýramynda Halkara Nowruz gününde halkymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däp-dessurlary bar. Olaryň biri-de Nowruz tagamlary bilen bezelen toý saçagydyr. Baýramçylyk mynasybetli giňden ýazylan toý saçagyny ýedi dürli tagam bilen bezemek gadymy döwürden dowam edip gelýän milli dessur hasaplanýar.

Nowruz saçagynda, adatça, däneli ösümliklerden bişirilýän ýedi tagamyň bolmagy hökmany hasaplanylýar. Olar semeni, süýtlaş, köje, Nowruz ýarmasy, mäşewe, noýbaly unaş, süýtli bulamak hem-de dänik ýaly datly tagamlardyr. Süýjüli pişme, gatlakly, bala garylan talhan, nogul-nabat, kişmişdir hoz, gawun kaky, kakadylan miweler, halwa körpejeleriň baýram şatlygyny joşdurýar. Nowruzyň bellenilýän günleri çarwalaryň ýazlak döwrüne gabat gelýär, ýazlaga çykarylan dowar sürülerinde owlak-guzy almak möwsümi başlanýar. Nowruzda täze güni ýagşy niýet edip, ak süýt içmekden başlamak däbe öwrülip galypdyr.

Ýöne bu baýramyň esasy, özboluşly tagamy semeni we Nowruz ýarmasydyr. Semeni bişirmek üçin bugdaý däneleri taýýarlanylýar. Bugdaý şinelände, ýaşyl maýsalar bilen öýüňe bagt, rysgal-döwlet gelýär diýen yrym bar. Semeniniň ýaz döwri möhüm bolan ýokumlaryň çeşmesidigini alymlar aýdýarlar. Bugdaý maýsalarynyň şiresi adam bedeni üçin zerur bolan ýokumlara, mikro we makroelementlere, fermentlere we aminoturşulara baý iýmitdir. Bugdaý ösüntgisinde şeker ýokdur, şonuň üçin ol süýji keseli bolanlar üçin-de gymmatly iýmit bolup durýar. Ol bedenden zyýanly maddalary çykarmaga, bedeni arassalamaga ýardam berýär. Şonuň üçin hem bu bahar tagamynyň taýýarlanyş syrlary we aýratynlyklary unudylman, onuň taýýarlanyş usuly nesillerden nesillere, asyrlardan asyrlara geçip gelýär.

 

Aýlar SADYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.