logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Ýedi hazynanyň biri
  27.03.2020
1275
Ýedi hazynanyň biri

     Ýurdymyzyň guşçulyk toplumlaryny ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň azyk bolçulygyny üpjin etmekde guşçylyk pudagynyň ähmiýeti hasam uludyr. Häzirki wagtda ýurdymyzyň guşçylyk pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ata Watanymyzda uly şäherleriň we senagat merkezleriniň golaýynda guşçylyk hojalyklarynyň gurulmagy, halkymyzyň guş etine we ýumurtga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik berýär. Ýurdymyzda guşçylyk pudagy düşewüntli pudaklaryň biri hasaplanýar. Guş idetmegiň özboluşly bir sungatdygyny hem belläp geçmek zerurdyr. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp kalby buýsançdan doly türkmen telekeçisi Hudaýberdiýew Aýdogdy öz öňünde goýan maksadyna laýyklykda  Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde Hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda 2012-nji ýylda berlen hususy mellek ýerinden towuk ýumurtgasyny öndüriji guş toplumyny 2013-nji ýylda açyp, ulanylyşa girizdi. Gursagy Watana bolan söýgi hyjuwyndan doly Türkmen telekeçisi Aýdogdy Hudaýberdiýew ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşant goşup hususy guşçylyk toplumynda 224 müň towuk idedip, gündelik 192 müň ýumurtga öndürilýär. Halypa telekeçiniň aýtmagyna görä guşlardan ýokary hilli önüm almak üçin olary ýaşyna we görnüşine görä talabalaýyk saklamaly we iýmitlendirmeli. Guş eti öz düzüminde gymmatly maddalary saklaýar. Şonuň üçin ol berhizlik, şypa beriji iýmit hökmünde hem ulanylýar. Guşlaryň ýumurtgasy hem ýokumly we siňňitli iýmit hasaplanýar. Häzirki wagtda biziň bazarlarymyzda towuk  ýumurtgasy islegli harytlaryň birine öwrüldi. Guşlara berilýän ot-iým üpjinçiligini üpjin etmek maksady bilen 70 gektar ýer böleginde mekge, arpa we ýorunjanyň bol hasylyny alýar. Guşlara berilýän ot-iýmiň hem özümizde öndürilmegi, girdejiniň has-da artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär. Umuman aýdylanda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan towuklara, guşlara seretmegiň, yrsgalyňy, ykbalyňy olara baglamagyň özi hem uly bir bagtlylykdan nyşan –diýip uly buýsanç bilen belleýär.