logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /ÝEDILIKLER DÜNÝÄSI
  23.11.2022
3251
ÝEDILIKLER DÜNÝÄSI

Ýedilikler ummany paýhasly ata-babalarymyzyň köp asyrlyk durmuş tejribelerinden alnan gymmatly pähimlerini sünnäläp, ýaş nesillere miras galan ruhy hazynalarymyzyň biridir. Olarda durmuşyň, ynsan häsiýetleriniň dürli taraplary barada manyly pikirler öňe sürülýär. 

Ynsanyň mukaddes ýedi borjy: 

- Perwerdigäriň öňündäki borjy.
- Geçmişiň öňündäki borjy.
- Geljegiň öňündäki borjy.
- Watanyň öňündäki borjy.
- Maşgalanyň öňündäki borjy.
- Halkyň öňündäki borjy.
- Öz öňündäki borjy. 

Türkmen zenanyna mahsus bolan ýedi häsiýet: 

- Utanç-haýalylyk.
- Päkizelik.
- Sypaýyçylyk.
- Agraslyk.
- Eli çeperlik.
- Düşbülik.
- Süýjisözlülik. 

Şu ýedi işi eden sogap gazanar: 

- Pederlerimiziň ynam-ygtykatyny, dinini saklan.
- Ýol, köpri guran.
- Guýy, käriz gazan.
- Oglan okadan.
- Tersleşeni ýaraşdyran.
- Häkim bolup, halk üçin gije-gündiz alada eden.
- Hassanyň halyny soran.  

Şu ýedi zat şulardan doýmazmyş: 

- Adam —ylymdan doýmaz.
- Nebis — zatdan.
- Göz — bakmakdan.
- Gulak — eşitmekden.
- Aşyk — magşukdan.
- Zemin — ýagmyrdan.
- Derýa — suwdan. 

Şu ýedi häsiýeti özünde jemläne mert kişi diýse bolar: 

- Özüniň kimdigini tanaýan.
- Goýberen hatasyny boýnuna alan.
- Gaharyny ýuwudyp bilen.
- Il-gününiň agyrysyny süňňi bilen syzan.
- Il-gününe azaryny ýetirmedik.
- Özgäniň bagtyna guwanyp bilen.
- Il bähbidini özüniňki eden. 

 

Toplan: Kakajan HOJAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.