logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Ýel energiýasy pudagyna 2026-njy ýyla çenli 570 müň hünärmen gerek bolar
  24.10.2022
1586
Ýel energiýasy pudagyna 2026-njy ýyla çenli 570 müň hünärmen gerek bolar

Global ýel guramasy we Global ýel energiýasy geňeşi 2022-2026-njy ýyllar üçin Global ýel işçi güýji hasabatyny çap etdi. Hasabata görä, gury ýerde we deňizde ýel energiýasy pudagynda tejribeli hünärmenlere ýyl geçdigiçe zerurlyk artýar. Ýel energiýasynyň durnukly pudagy üçin gurluşyk, gurnama, amallary ýerine ýetirmek we tehniki hyzmat ýaly ugurlar boýunça 2026-njy ýyla çenli 570 müňden gowrak tehnik gerek bolar.

2050-nji ýyla çenli ýurtlaryň meýilleşdirýän sap nol zyňyndyly we gaýtadan işlenilýän energiýa bolan islegi üçin ýel, gün, geotermiki we bioenergetika ýaly ugurlarda hem hünärmen toparlary zerur bolar. Bu ugurda işleýän şereketleriň maýa goýum gurşawyny gowulandyrmagyna we hökümetleriň iş üpjünçiligini goldaýan syýasatlary işläp düzmegine garaşylýar.

Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllarda elektrik energiýasy pudagynyň döwrebap we sanly torlary döretmek ugrundaky tagallalary dowam edýärkä, tejribeli işgärleriň täze iş şertlerini we täze tehnologiýalary ulanmagynyň zerurlygy artýar.

Ýel energiýasynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak maksatnamasyna ýetmek üçin her ýyl ýel energiýasy işçi güýjüne 30 müň adam goşulmaly bolar. Global ýel energiýa kuwwatynyň ösüşi geçen ýylyň ahyrynda 94 gigawata ýetdi. Bu görkezijiniň ösüşi 2026-njy ýyla çenli ýylda 128,8 gigawat bolar diýlip garaşylýar. 

 

Gülnäz BABALYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.