logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýeňijiler sylaglandy
  20.04.2023
885
Ýeňijiler sylaglandy

Şu gün «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň Tejen etrap häkimliginiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda etrabyň Tejen şäher medeniýet öýünde sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabarada 2022-2023-nji okuw ýylynda «Altyn asyryň – altyn zehinleri» ady bilen orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşikleriniň hem-de taslama bäsleşikleriniň welaýat we döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylara, olary taýýarlan mugallymlara hem-de mekdep müdirlerine Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat haty gowşuryldy.

Ýeri gelende aýtsak etrabymyzdan 74 okuwçy welaýat tapgyrynda şolardan 15 okuwçy bolsa döwlet tapgyrynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Galyberse-de dabaranyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň aýdym-sazly çykyşlary we degişme sahnalary görkezildi.

Dabaranyň ahyrynda bolsa ýaş zehinler özlerine okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar. 

 

Arslan ORAZLIÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň işgäri.