logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Ýeňijiler sylaglanyldy
  08.05.2020
1162
Ýeňijiler sylaglanyldy

      2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany, Myratberdi Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde ýerleşýän Medeniýet öýi köp adamly boldy. Bu gün bu ýerde “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly okuw  dersleri boýunça bäsleşigiň Döwlet tapgyrynda  ýeňiji bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Ahal welaýatynyň häkimliginiň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň orta mekdepleriniň we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň  müdirleri, etraplaryň we Tejen şäheriniň bilim bölümleriniň müdirleri hem-de hünärmenleri, Döwlet derejesinde geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar we olaryň mugallymlary gatnaşdylar.

      Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde okuw dersleri boýunça bäsleşikler okuw ýylynyň dowamynda dört tapgyrda, ýagny mekdep, etrap, welaýat, Döwlet tapgyrlary geçirildi. Ders bäsleşiklerinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan asylly  syýasatlaryna  çuňňur uýýan, ruhubelent, sagdyn pikirlenmegi, okuwda öwrenilenlerini durmuşda özbaşdak ulanmagy başarýan, zehinli ýaş nesiller ýüze çykaryldy. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çägindäki  okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiklerine welaýatyň orta mekdeplerinden okuwçylaryň 105-si gatnaşdy.  Bäsleşigiň Döwlet tapgyry okuwçylaryň alan bilimleriniň nazary we amaly ugurlar boýunça iki döwden ybarat geçirildi. Okuw dersleriniň aýratynlyklaryna görä nazary we amaly döwlerde hödürlenen ýumuşlary okuwçylar ýerine ýetirdiler. Bäsleşigi geçirmek üçin Türkmenistan Bilim ministriniň buýrugy bilen döredilen emin agzalary bäsleşikde okuwçylara adalatly baha berdiler. Okuw dersleri boýunça Döwlet derejesinde   geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenende, welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň 18-si hormatly orunlara mynasyp bodular. 2018-2019-njy okuw ýylynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginde gazanylan orunlar bilen deňeşdirilende, üstümizdäki okuw ýylynda  iki okuwçy köp ýeňiji boldy. Şeýle-de “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly  bäsleşikleriň çäginde geçirilýän taslama ylymy-döredijilik bäsleşiginiň Döwlet tapgyryna-da gatnaşyldy. Bu bäsleşige welaýatymyzdan 8 okuwçy gatnaşy we Tejen şäherinden gelen okuwçylaryň ikisi özleriniň ylmy-gözleg   açyşlarynda bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň arasynda tapawutlanyp, hormatly orunlara mynasyp boldular. Geçirilen robot bäsleşiginde bolsa, Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary Mährijemal Muhammedowa we Isa Baýramgulyýew bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

       Sylaglaýyş dabarasynda ýeňijileri we olary taýýarlan mugallymlary Ahal welaýat häkiminiň orunbasary J.Geldimämmedowa gutlap, olara Türkmenistan Bilim ministrliginiň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli Diplomlaryny we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.