logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy
  08.05.2026
219
Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy

Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda uruş weteranlaryna hem-de uruşda şehit bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

 

Ýurdumyzda her ýyl Beýik Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna döwlet derejesinde hormat-sarpa goýmak asylly däbe öwrüldi. Dabarada çykyş eden weteranlar uruş ýyllaryndaky agyr günleri ýatlap, döwlet tarapyndan edilýän alada üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Dabara gatnaşyjylar ata-babalarymyzyň görkezýän gahrymançylygyny, edermenligini we Beýik Ýeňşiň taryhy ähmiýetini uly buýsanç bilen bellediler.

 

Soňra dabaraly ýagdaýda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Maýa ŞÖHRADOWA,

Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.