logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /«Ýeňiş» tikin kärhanasy okuwçy köýnekleriniň we halatlarynyň önümçiligini ýola goýdy
  10.08.2022
1163
«Ýeňiş» tikin kärhanasy okuwçy köýnekleriniň we halatlarynyň önümçiligini ýola goýdy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki «Ýeňiş» tikin kärhanasynyň tikinçi gelin-gyzlary ýurdumyzda giňden bellenilýän toýdur baýramlara ajaýyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Kärhana öndürýän ýokary hilli önümleri bilen tapawutlanýar. Ýakynda, bu ýerde 2022-2023-nji okuw ýylynyň golaýlamagy bilen okuwçylaryň köýnekleriniň, şol sanda orta mekdeplerde okaýan gyzlaryň zähmet sapagynda ýörite geýýän halatlarynyň hem önümçiligi ýola goýuldy.

«Ýeňiş» tikin kärhanasynyň ezber elli tikinçileri ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen içerki bazarymyzdaky, şeýle hem daşarky bazarlardaky ornuny barha pugtalandyrýarlar. Önümleriň biçüw aýratynlygy, owadanlygy hem-de göze gelüwliligi her bir adamyň ünsüni özüne çekýär.

Belläp geçsek, kärhanada ýylyň başyndan bäri on dokuz million bäş ýüz kyrk sekiz müň dört ýüz ýigrimi iki manatlyk ýokary hilli harytlyk önüm öndürildi. Kärhana gerek bolan dürli reňkli matalar Ruhabat dokma toplumyndan getirilýär. Garyşyk we arassa pagtadan dokalan matalardan taýýarlanylýan dürli ölçegdäki köýnekler özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.