Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýeňişli menziller rowandyr bu gün!
  11.01.2023
943
Ýeňişli menziller rowandyr bu gün!

Täze Galkynyşyň bady bilen uly ösüşlere beslenýän eziz Watanymyz, mähriban halkymyz baky bagtyýar! Bu bagtyýarlyk her bir türkmen raýatynyň buýsançly başynyň synmaz tugudyr. Berkarar döwletimizde köpsanly iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, bu ugurda ösüş depgini yzygider berkidilip, önümçilige öňdebaryjy, ekologiki taýdan arassa, kämil tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu alnyp barylýan belent başlangyçlar rowaçly maksatlara beslenip, döwletli döwrana dowam bolýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özüniň batly üstünlikleri bilen, gadamlary bilen diýarymyzyň şanyna şan goşýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, gurluşyk pudagynda, ylym-bilim ulgamynda  alnyp barylýan giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň geriminiň giňligi Arkadagly Serdarymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň we ony pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan tutumly başlangyçlarynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Bu gün abadançylygyň nyşany bolup kalplara dolýan asylly ýörelgeler bagtyýar döwrümiziň ykrarydyr. Oňyn özgertmeleriň durmuşymyza ornaşýan döwründe ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Ak mermer Aşgabat şäherimiz sebitde halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen ylalaşdyryjy merkezidir. Dünýä halklary bilen hormat-sarpany saklamak esasynda dostana gatnaşyklar has-da berkeýär. Ösüşiň belent sepgitlerini nazarda tutup, dünýäniň ençeme abraýly halkara guramalary bilen köpugurly oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Dünýä ýüzünde nusga alarlyk, şöhratly döwletleri döreden halkymyzyň asylly ýörelgeleri döwlet syýasatymyzyň berkligini üpjün etmäge ýol açýar. Yhlasly zähmeti bilen eziz Watanymyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýan mähriban halkymyzyň kalby eziz halkym diýip taýsyz tagallalar edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşdan, çäksiz buýsançdan püre-pür! Goý, mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň dowamaty dowam bolup, beýik işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun! 

 

Aýjahan MUHAÝEWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine 
ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 
başlangyç synp mugallymy.