logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirilýär
  21.06.2021
637
Ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirilýär

Tejen etrabynyň zähmetkeşleri möwsümde 460 gektar meýdanda ýazlyk ýeralmasyny ekip, bu babatda öňde goýlan wezipäni abraý bilen amal etdiler. Hyrydarly önümi ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribesini toplan etrabyň gök ekerançylary ekinlerden bol hasyly almak üçin daşary ýurtlarda öndürilen kuwwatly tehnikalardan netijeli peýdalanýarlar. Şu günler etrabynyň kärendeçileri meýilnama boýunça ekilen meýdanlardaky ýeralma agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär. Şeýle hem ýeralma ösüş suwyny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýokary derejede amala aşyrylýar.

Etrabyň daýhan birleşiklerinde bu işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Irki ekilen meýdanlarynyň hasyllarynyň ilkinji miweleri görnüp başlandy. Etrabyň ekerançylary şu ýyl 6 müň tonnadan gowrak ýeralmanyň bol hasyl almagy maksat edinýänler. Olaryň esasy maksatlary halkymyzy azyk önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün etmekden, ak bazarlarda azyk bolçulygyny döretmekden ybarat bolup durýar.