logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Ýeralmanyñ peýdasy we zyýany barada
  23.06.2022
2261
Ýeralmanyñ peýdasy we zyýany barada

     Ýeralmada C, B1, B2, B6, B9 witaminleri bar.  Şeýle hem ýeralma kaliý, kalsiý, sink, magniý, mis, demir, marganes, hlor, ýod, molibden, hrom, kobalt, fosfor ýaly minerallara baýdyr.

 Ýeralma yzygiderli iýilende gandaky holesteriniň mukdary azalýar,metabolizm gowulaşýar.  Üsgürende, gaýnadylan ýeralma mata bilen bokurdagyň daşyna dañylsa, üsgülewigi galdyryp biler.  Çig ýeralmany gyrgyçdan geçirileni dürli çiş we ýanmalar üçin melhemdir.  Ýeralma immuniteti ýokarlandyrýar, derini ýaşardýar.  Beýniniň we böwregiň işini gowulandyrýar.  Süýji keselinden ejir çekýänler hem ondan peýdalansa bolýar.

Ýeralmanyñ zyýany

      Gowrulan ýeralmany iýmek zyýanlydyr. 100 gram gowrulan ýeralmada 40 gram uglewod bar.  Bu saglygyň iň erbet duşmanydyr.  Şonuň üçin mümkin boldugyça gaýnadylan ýeralmany iýmek has gowudyr.

Saklanýan şertlerinde gök öwüsip başlaýan ýeralmany iýmek bolmaýar.  Gök öwüsmeginiñ esasy sebäbi ýeralmanyñ düzüminde ýüze çykýan solanine baglydyr.  Şonuň üçin gök öwüsip başlan ýeralmany taşlamaly.  Solanin adam bedeni  zäherlidir.  Ol sarp edilse agyr serhoşlyga sebäp bolýar.  Dowamly keselleri döredýär.  Onuň täsirinde ýürek we nerw ulgamy agyr zaýalanýar.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby