logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýere gaçan meteoritde ýer ýüzünde ýok bolan iki sany mineral tapyldy
  26.12.2022
1143
Ýere gaçan meteoritde ýer ýüzünde ýok bolan iki sany mineral tapyldy

ABŞ we Kanadaly alymlar, Ýere gaçan 15.2 tonna agyrlygyndaky meteoritde henize çenli görülmedik iki sany mineraly tapdylar.

Alberta uniwersitetiniň beren beýanynda, Ýere gaçan bu meteorit şu wagta çenli tapylan dokuzynjy iň uly meteorit bolup durýar. Bu äpet meteoritde henize çenli görülmedik iki sany mineralyň bary-ýogy 70 gramy tapyldy.

Alberta uniwersitetiniň meteorit hünärmenleri derňew işlerini geçirmek üçin Ýere gaçan asman jisiminden kosmos gaýasyndan nusgalary aldylar. Soňra alnan nusgalar mikroskop bilen gözden geçirildi we kesgitli netijä gelindi. Alymlar häzirki wagtda hem täze tapylan iki sany mineralyň häsiýetlerini we ulanyp boljak ýerlerini öwrenmegi dowam etdirýärler.

Iki sany täze mineralyň birine meteoritiň Somaliniň merkezindäki El Ali şäherine golaý ýerde tapylanlygy sebäpli «El Ali» goýuldy. Ikinji minerala bolsa, Arizona döwlet uniwersitetinde zähmet çekýän bir alymyň hormatyna «elkistantonit» diýip at berildi.

Belläp geçsek, Elkins-Tanton Arizona döwlet uniwersitetiniň Planetara başlangyjy boýunça wise-prezidenti şol sanda Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy bolan «NASA»-nyň «Psyche» atly derňew uçuşynyň esasy derňewçisidir. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.