logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Ýerewan döwlet uniwersitetinde "Magtymguly filosofiki - mirasy" atly umumy okuw sapagy
  21.02.2024
553
Ýerewan döwlet uniwersitetinde "Magtymguly filosofiki - mirasy" atly umumy okuw sapagy

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplaryna “Magtymgulynyň filosofiki mirasy- Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasydyr” mowzugynda umumy sapak berdi.

 

 

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň kanuny gurluşyny Magtymgulynyň öz döwründe wagyz eden  we arzuw eden ideallary hökmünde häsiýetlendirilýändigi barada aýdyp geçdi. Şeýle hem okuw sapagynda Şahyryň öz goşgularynda bütin adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara, ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwer, watansöýüji we adalatly bolmaga çagyrýan maglumatlaryň bardygy nygtaldy.

 

 

M.Aýazow türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklarynyň üstünde durup, ermeni ýazyjy-şahyrlaryň eserleri, şeýle hem ermeni awtorlaryň makalalary türkmen diline terjime edilip, olaryň Türkmenistanyň dürli edebiýat neşirlerinde we žurnallarynda çap edilendigini agzap geçdi.

 

 

Ýerewan döwlet uniwersiteti türkmen talyplarynyň bu ýere okamana gelýändikleri, türkmen talyplarynyň ukyp başarjaňlygyny we zehinlidigni aýtdylar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy ýyly beýik şygyr ady bilen hem şu ýyl ylym bilim pudagyny ösdürmekde zehinli talyplary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar.

 

 

Türkmenistanyň daşary syýasatynda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesini saklap, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýanlygy, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy diýmek bolar.


Selbi Hojagulyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.