logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýeriň görki galladyr
  01.03.2021
713
Ýeriň görki galladyr

      “Daýhan baýasa, ýurt baýar” diýen ata-babalarymyzdan gelýän pähim-paýhasly sözlerden ugur alyp, Tejenli babadaýhanlarymyz şu ýylyň bitginli hasylyny almak maksady bilen, olar öndürijilikli zähmet çekip, toprakdan bol hasyly almak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Häzriki wagtda daşary ýurtlarda getirilen kuwwatly tehnikalary we olaryň tirkeg gurallarynyň kömegi bilen bugdaý ekinlen meýdanlary mineral dökünleri bilen ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de, Tejen etrap häkimligi tarapyndan ýörite meýilnama düzülip, ekerançylyk meýdanlarynda ýaş maýsalar ideg etmek işleri geçirilýär. Tejenli gallaçylarymyz maýsaly meýdanlarda suwaryş işlerini geçirip, tejribeli daýhanlaryň kömeginden giňden peýdalanýar.         Bu işlerde etrabyň daýhan birleşikleriniň ählisinde ekerançylyк işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly çärelere iňňän uly ähmiýet berilýär.

         “Ekin ekseň, bugdaý ek, mal baksaň, goýun bak” diýen ata-babalarymyzyň peder pendine eýerip, Tejenli gallaçy-kärendeçileri şu ýylyň bitginli hasyly üçin birleşen tagallalary gaýgyrmaýarlar.