logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýerler ekişe taýýarlanýar
  27.07.2022
759
Ýerler ekişe taýýarlanýar

Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri ýerleri güýzlük däne ekişine taýýarlamakda tutanýerli işleýärler. Üstümizdäki ýylda 42 müň 400 gektar meýdandaky bugdaý hasylyny isripsiz ýygnap alan etrabyň daýhanlary şu günler sürüm, tekizlemek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmegi gazanýarlar.

Sürümde tehnikalaryň 40-dan gowragy işledilýär. Daýhan birleşikleriniň sürüm geçiriji traktorlaryna bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan mehanizatorlar erk edilýär. Tejribeli mehanizatorlar ýerleri tekizlemekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Etrabyň galla önümleri kärhanasynyň hünärmenleri bolsa, güýzlük däne ekişinde ulanyljak tohumlaryň taýýarlygyna uly ähmiýet berýärler. Möwsümde ýokary hilli, sagdyn we arassa tohumlary ulanmak esasy talaplaryň biridir. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolup, oba zähmetkeşleri bilen duşuşýarys hem-de olara güýzlük däne ekişine taýýarlykly barmak boýunça degerli maslahatlary berýäris.

Tawus BEKNAZAROWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.