logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi Nejmeddin Kubrany ýatlady
  30.12.2023
1300
Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi Nejmeddin Kubrany ýatlady

Halk ara­syn­da te­bip­çi­li­ge ök­de, ez­ber küşt­çi we nak­gaş, wa­tan­çy hök­mün­de giňden ta­na­lan, Şyh Nejmeddin Kubra barada ýazylan «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly hekaýa Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara  žurnalynda neşir edildi.

 

Şyh Nejmeddin Kubra Kubrawylar mek­de­bi­ni esas­lan­dy­ry­jysy bolup 1141 – 1221-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Aşyrmät Garlynyň  «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly bu hekaýasy 2023-nji ýylyň dekabr aýyndaky 204-nji sanynda türk dilinde «Cenneti kapı kapanmasın» görnüşinde Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara  žurnalynda çap edildi.

 

Şyh Nejmeddin Kubra 1141-nji ýylda gadymy Köneürgençde dogulýar. Ol ýaşlygyndan birnäçe ylymlary çuňňur özleşdirip başlaýar. Hususanda, hadys ylmy, fykh, tefsir we ýene birnäçe ugurlary ymykly özleşdirýär. Şägirt ýetişdirmek, ylym-bilim öwretmek bilen meşgul bolýar. Nejmeddin Kubranyň “Kubra” lakamy hakda hem taryhy çeşmelerde maglumatlar kän. Pir hezretleri oglanlygyndan başlap aň-zehin, ukyp babatda deň-duşlaryndan mese-mälim tapawutlanypdyr. Kyn meseleleri çözmekde, çuňňur düşündirmekde hatda birnäçe alymlardan hem ökde çykypdyr. Onuň daş ýarýan zehinini, ylym-bilimini göz öňünde tutup, oňa “Tammat al-kubra” – ylym-bilimi beýik tupan, harasat ýaly diýen lakam berlipdir. Soňlugy bilen “tammat” sözi ulanyşdan galyp, “Kubra” sözi has meşhur bolupdyr. Nejmeddin Kubra il-ýurt, din-iman üçin mertlerçe söweşen gerçekdir. Ol mongollar bilen bolan söweşde gursagyndan ýaralanyp, şehit bolýar.

 

Öz  döwrüniň belli din hadymy – “Welileri taýýarlaýan pir” adyny alan Şyh Nejmeddin Kubra baradaky bu taryhy hekaýany türk diline  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni Toýly Jänädow terjime etdi.

 

Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.