logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi gurlar
  06.04.2024
500
Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi gurlar

Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, «Far North Fiber» taslamasy Arktikadaky Demirgazyk-Günbatar geçelgesi arkaly Ýewropa bilen Ýaponiýany birleşdirýän 14,5 müň km kabelden ybarat bolar. Birikme nokatlary Ýaponiýada, ABŞ-da, Kanadada, Norwegiýada, Finlýandiýada we Irlandiýada ýerleşer.


 

Täze taslamanyň bahasy 1 milliard ýewro barabar bolar diýlip çaklanylýar, munuň özi beýleki ugurlaryň bahasyndan has ýokarydyr. ÝB eýýäm «CEF Digital» taslamasynyň çäklerinde başlangyç üçin 23 million ýewro golaý maýa goýdy.


 

Her onýyllykda deňizdäki buzuň göwrümi, takmynan, 13% kiçelýär. Bu bolsa ummanyň düýbünden çekilýän internet geçirijileri üçin täze ugurlary açýar. Şeýle geçirijiler halkara maglumat trafiginiň agramly bölegini geçirýär.


 

«Far North Digital» taslamasynyň strategiýa boýunça baş direktory Ik Ikard tomus ýylylygynyň gämilere Arktikada kabel çekmäge mümkinçilik berýändigini, gyşyň sowuk bolmagynyň bolsa zyýany çäklendirýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, buz geçirijileri bejermegi kynlaşdyryp biler. Ýylyň wagtyna baglylykda, geçirijileriň dikeldilmegi üçin birnäçe hepde, hatda birnäçe aý gerek bolup biler. Buzuň süýşmegi hem howp döredip biler.


 

Deňiz gözlegleri tamamlanandan soň, «Alcatel Submarine Networks» kompaniýasy zerur enjamlary öndürip başlar we 2027-nji ýyla çenli olary bazara çykarar. Şol wagt hem taslama işe giriziler.

 

Güljan MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.